Türkmenistanyň yaş olimpiýaçylary “Arkadag” futbol toparynyň türgenleşiklerini synladylar

Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada Gahryman Arkadagymyza haýyş bilen ýüz tutdular. Gahryman Arkadagymyzyň olaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmagy bilen, milli sportuň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmagy esasy ýörelge edinen ýetginjekler Olimpiýa şäherçesinde boldular. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde geçirildi.

Geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterjek ýaşlar Olimpiýa şäherçesiniň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Rejep Bazarow ýaşlary Aşgabat Aziadasynyň oýunlarynyň 21 görnüşi bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

Soňra ýetginjek türgenler öňde boljak halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde geçirýän türgenleşiklerini synladylar.

«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary bu ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary hem-de «Arkadag» futbol toparynyň ýaş wekilleri bilen gürrüňdeş boldular. Şeýle hem toparyň oýunçylary Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdylar. Ýetginjek türgenler ussat futbolçylardan sowgat almagyň özleri üçin uly şatlykdygyny nygtadylar hem-de sowgat berlen futbol topuny we süýjülikleri ýüzlerine sylyp kabul etdiler. Munuň özi türkmen futbolçylarynyň täze nesliniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň