Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.
“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga dünýäniň 13 ýurdundan köp sanly žurnalistler gatnaşarlar.
“Arkadag” toparynyň tälimçisi we futbolçysy türkmen sportunyň abraýyny belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Myhman toparyň wekilleri ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda döredilen mümkinçilikleriň derejesine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, 45 müň orunlyk stadionyň meýdançasynda örän çekeleşikli we gyzykly oýun bolar. Şeýle hem olar “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny, olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti