Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda 10-njy fewralda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki dialoga taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirip, saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary amaly taýdan ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi