Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italýan dizaýnynyň günleri öz işine başlady

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen Italýan dizaýnynyň günleri öz işine başlady.

Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde Italiýa Respublikasynyň meşhur «I DOGI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentini we italýan arhitektory Serjio Ferrandini ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde täsirli okuw sapagyny geçdiler.

«Dizaýn – aragatnaşygyň serişdesi» atly okuw sapagynyň dowamynda Italiýanyň häzirki zaman dizaýnynyň we binagärlik sungatynyň arabaglanyşykdaky ösüşi, taryhy ýoly we dizaýnyň adamlara täsiri hem-de dünýä belli bu kompaniýanyň alyp barýan işleri barada gürrüňler edildi.

«IDOJI» ýustralary öndürmekde ýöriteleşdirilen taslamalar görnüşindäki iş bilen meşgullanýar. Sapagyň dowamynda lýustralardan başga-da, metal önümleri bilen kristal aýnalaryň çeper sazlaşygy esasynda döredilen nahar iýilýän stollary, çyralary, aýna çüwdürimleri, germewleri, diwarlyklary gadymy nusgawy ugurlara daýanyp, täzeçe görnüşlerde buýrujynyň islegine görä ýerine ýetirmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen sapak gyzykly we täsirli boldy. Şeýle täsirli döredijilik duşuşyklary ýaşlaryň sungat boýunça bilimleriniň artmagyna giňden ýardam berýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň