Türkmenistanyň paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramçylygy - Ynkylap güni mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem diplomat meýilleşdirilen taslamalary tamamlamagyň hem-de senagat, ulag-üstaşyr, energetika, oba hojalygy, ulag we emeli aň ýaly ugurlarda täze mümkinçiliklere üns bermegiň möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Ministr 2025-nji ýylyň türkmen-eýran gepleşikleriniň taryhynda iň täsirli döwürleriň biri bolup, özara gatnaşyklaryň täze derejesini görkezendigini nygtady.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti