Bangkok şäherinde, Tailand Patyşasynyň köşgünde 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda (Amphorn Royal Palace) ilçi Muhammetnyýaz Maşalowyň Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Patyşa ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem özüniň geljekde Türkmenistana saparyny amala aşyrmak meýliniň bardygyny nygtap geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Tailand Patyşalygy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra, Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bu ýurda täze bellenen ilçiler bilen gysgaça gürrüňdeşlik gurady. Söhbetdeşlikde Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri ilçä diplomatik işini amala aşyrmakda ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi