Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Berlinde 11-nji fewralda Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

«Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plenar mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary sebitiň ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda strategik dialogyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi hem-de duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin nemes tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşda sebit howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Ykdysady ugur boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy. Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, energetika, senagat önümçiligi, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy toplumy, suw hojalygy, şeýle hem maglumat tehnologiýalary we emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar görkezildi. Şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň çäginde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat ediş we bilim merkezlerini döretmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy öz içine alýan we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge gönükdirilen Ministrleriň Berlin jarnamasy kabul edildi.


Çeşme: 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň