Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Anna Tinkanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Olar özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Duşuşykda ykdysadyýet we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara we konsullyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar bar bolan gepleşikler mehanizmlerini ulanmagyň möhümdigini nygtadylar we olary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi