2026-njy ýyl Türkmenistanda köp sanly binalaryň we desgalaryň açylyşlaryna beslener

Türkmenistanda 2026-njy ýylda köp sanly binalar we desgalar açylyp ulanmaga berler. Şu ýyl ulanmaga tabşyrylmaly binalaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem bar.

Şeýle hem şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler.

Paýtagtymyz Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri we täze Stomatologiýa merkezi ulanmaga berler. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.

Şu ýyl ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler. Bu barada 13-nji fewralda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy we ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda karara gol çekendigini belledi. Şunda ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

“Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.


Yza

Şeýle hem okaň