Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda 13-nji fewralda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Şadurdy Meredow 2026-njy ýylyň şygarynyň 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň logiki dowamy bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem häzirki şygaryň mazmunynyň türkmen halkynyň öz ruhy we medeni gymmatlyklaryna taryhy taýdan ygrarlylygy hem-de häzirki zaman ählumumy ýagdaýlary bilen şertlendirilýändigi nygtaldy.
Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby tanyşdyryldy, şeýle hem onuň konseptual we amaly mazmuny beýan edildi. Neşiriň bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, onuň sebitde we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligihttps://www.mfa.gov.tm/articles/1803