Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 13-nji fewralda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň daşary ýurtlara saparlarynyň 9-sy guraldy. Şeýle hem geçen ýylda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana döwlet, resmi, iş saparlarynyň 31-si amala aşyryldy.
2025-nji ýylda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 936 wekiliýetiň döwletimize sapar bilen gelendigi we ýurdumyzyň 1 müň 303 wekiliýetiniň daşary döwletlerde saparda bolandygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.
Geçen ýylda 19 döwletiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 13-si ynanç hatlaryny gowşurdy hem-de konsullaryň 2-si resmi taýdan öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegi, ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan halkara çärelere hem gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti