Türkmenistan 2026-njy ýylda medeni we metbugat pudaklaryny ösdürmegi dowam etdirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa hökümetiň mejlisinde gözegçilik edýän ulgamynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi.

2025-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Döwletimizde gazanylan uly üstünlikler, özgerişler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet sahypalarynda giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak, syýahatçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek möhümdir” diýip aýtdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz sanly muzeý ulgamyny ösdürmegi dowam etdirmegi, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagy, teleradioýaýlymlarda ýaş nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk goýbermegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň