Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji fewralda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärlerini Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi. Siziň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejede syýasy-diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.
Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz diplomatik gullugyň işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti