Türkmenistanyň DIM-inde 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BSGG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak boýunça "Ýol kartasynyň" taslamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde BSGG-niň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetirilişi, «Bitewi saglyk» konsepsiýasynyň çäklerinde jemgyýetçilik saglygy boýunça adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meseleleri, şeýle hem Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hans Klýuge 2026-njy ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri sebitleýin we halkara forumlara gatnaşmaga çagyryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi