Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
16-njy fewralda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň binasynda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen guramanyň Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, A.Şamyradow 17-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar kino, teatr, saz sungaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilelikdäki bilim we medeni-ynsanperwer maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
18-nji fewralda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Ankara saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetiniň prorektory Baryş Demirçi bilen akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw sapaklaryny, bilim maksatnamalaryny hem-de Türkmenistanyň talyplary we mugallymlary üçin döredijilik okuw sapaklaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti