Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 20-nji fewralda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde bilim leksiýasyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen bellenilýändigi we döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ulgamlarynda gazanylan üstünlikler barada beýan edildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyna aýratyn üns berildi hem-de bu kitabyň türkmen bitaraplygynyň filosofiýasyny durnukly parahatçylygy we ynamy üpjün etmekde iň möhüm faktor hökmünde açyp görkezýändigi barada nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi