Türkmenistanda 29-njy martda geçiriljek möhüm saýlawlara taýýarlyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Bu saýlaw möwsüminde täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň boşap galan orunlaryna deputatlar, şeýle hem ýerli halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary saýlanar. Milli kanunçylyga we tassyklanylan meýilnama laýyklykda, häzirki wagtda iň jogapkärli tapgyrlaryň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri giň gerimde dowam edýär.
Paýtagtymyzda we welaýatlarda syýasy partiýalaryň hem-de raýat toparlarynyň gatnaşmagynda dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisler guralýar. Bu çärelerde Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan we raýat toparlaryndan iň mynasyp wekiller öňe sürülýär. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň we halk arasynda uly abraýy bolan raýatlaryň bardygyny bellemek gerek.
Saýlawlar bäsdeşlik esasynda we demokratik ýörelgelere laýyklykda geçiriler. Saýlaw kodeksine görä, her bir okrug boýunça bir orun üçin birnäçe dalaşgär hödürlenilýär, bu bolsa saýlawçylara giň saýlaw mümkinçiligini berýär. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň gözegçiligi astynda geçiriljek bu işler saýlawlaryň doly açyklygyny we aýdyňlygyny üpjün eder.
Mart aýynyň ahyrynda geçiriljek bu saýlawlar ýurdumyzyň demokratik ösüş ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän bu özgertmeler döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Geçiriljek saýlawlar Türkmenistanyň demokratik binýadyny has-da berkidip, jemgyýetimiziň agzybirligini we döwletimiziň özygtyýarlylygyny dabaralandyrar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti