Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda 20-nji fewralda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew özüniň gutlag sözünde ýelden ýyndam bedewiň keşbiniň ýurdumyzyň häzirki wagtdaky ösüş depginini şöhlelendirýändigini belledi. Ýylyň şygary onuň tutuş dowamynda Türkmenistanda geçiriljek syýasy we medeni çäreleriň çelgisi bolmak bilen, ýakyn geljek üçin ösüşiň ugruny kesgitledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, E.Aýdogdyýew neşiriň bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, sebitde we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigini nygtady.
Çäräniň çäklerinde ilçihananyň binasynda mowzuklaýyn sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem behişdi ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän, Türkmenistanda we Russiýada düşürilen dürli fotosuratlar görkezildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi