Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mukaddes Oraza aýy mynasybetli Kosowanyň Baştutany Wýos Osmani Sadriudan we Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogdan gutlag hatlaryny aldy.
“Oraza aýy ynsanperwer gatnaşyklaryň iň ýokary gymmatlyklaryny özünde jemläp, dialogy hem-de halklaryň arasynda agzybirligi pugtalandyrýar. Goý, bu mukaddes aý Türkmenistana agzybirlik, jebislik, abadançylyk getirsin, şeýle hem halklarymyzyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň we özara hormatyň has-da berkidilmegine ýardam etsin!” diýip, Kosowanyň Prezidenti hatynda belleýär.
“Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!” diýip, Ishak Gersog öz hatynda ýazdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti