Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini 22-nji maýda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 24-nji fewralda Minskde geçirilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde guramanyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde habar berdiler.
Gün tertibinde 11 mesele bar. Olar, esasan, ykdysady ugur, maslahatlar-sergi işleri, ulag geçelgeleri bilen baglanyşykly meseleler, dag-magdan we metallurgiýa toplumynyň sanly üýtgemegi we radio nawigasiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar barada.
Şeýle hem 2027 we 2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagtlaryny yglan etmek barada karar kabul etmek teklip edilýär.
Çeşme: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti