Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümet mejlisinde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň we onuň düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak, synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şu babatda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça esasy edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara standartlar boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti