Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkezindäki gurluşyklary wagtynda tamamlamak barada tabşyryklary berdi

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi. Indi onuň gurluşygynyň örän möhüm ikinji tapgyry başlanýar. Bu tapgyrda şäheri abadanlaşdyrmak we ilaty göçürip getirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe guramaçylyk meseleleri çözülmelidir. 

Gurluşygy tamamlamagyň guramaçylyk meselelerini çözmek we bu işleri utgaşdyrmak üçin, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini döretmek barada Karar kabul edildi. Bu komitete D.Orazow ýolbaşçy hökmünde bellenildi. Ol gurluşygyň başlanan gününden bäri bu ýerde Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory wezipesinde işleýär. Döwlet Baştutanymyz oňa işde üstünlik arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň häkimligini döretmek we şäheriň häkimi wezipesine Ş.Durdylyýewi bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenýän edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň öz wagtynda hem-de hil taýdan bildirilýän talaplara doly laýyk gurulmagyna, şol sanda bu binalaryň ýanaşyk ýerleriniň hem abadanlaşdyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Edara binalarynyň ählisiniň, esasan hem, welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de ýangyna garşy göreş gullugynyň binalarynyň zerur enjamlar, sanly tehnologiýalar, iş otaglarynyň zerur serişdeler bilen üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanmalydyr.


Yza

Şeýle hem okaň