Daşoguz şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 5-nji martynda Daşoguz şäheriniň 10 ýyllygy köçesiniň 1-nji “A” jaýynda ýerleşýän Daşoguz
şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Daşoguz şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasy, Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň 10
ýyllygy köçesiniň 1-nji “A” jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800322) 9-39-52.