Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2025-nji ýylda 23,4 milliard manatdan geçdi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar bermegine görä, geçen ýylyň dowamynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 19 milliard 586 million 950 müň 572 manada ýetdi.
“Elektron söwda” ulgamlary arkaly 2 milliard 978 million 903 müň 308 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 47 million 221 müň 750 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 550 million 339 müň 24 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 9 million 553 müň 988 manatdan geçdi.
“Halkbank terminal” ulgamy arkaly 255 million 734 müň 939 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.
Çeşme: “Bank habarlary” elektron žurnaly