Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew 4-nji martda Hytaýyň daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Bin bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.
Taraplar ähli ugurlarda üstünlikli ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda alnyp barylýan ysnyşykly dialogyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryna, umumy ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyk, özara hormat goýmak we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Söhbetdeşler şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde sazlaşykly we özara goldawly gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň iki ýurduň umumy bähbitlerine doly laýyk gelýändigini bellediler.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belläp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi