Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde iki aýda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi dabaraly bellemek we 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek barada resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti