Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Babadaýhan etrabynyň
zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, 2026-njy
ýylyň 13-nji martynda Babadaýhan etrabynyň Gülzar köçesiniň 1-nji jaýynda
ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Babadaýhan
etrabynyň Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet
bölüminiň edara binasy.
+993136 3-07-40