Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani 16-njy martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahatyny geçirdi. Duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ynsanperwer hyzmatdaşlyga bagyşlandy.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy çäräni açyp, berlen ynsanperwer kömek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de ýurdumyzyň Hökümetine çuňňur hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümini we doganlyk halkyny ýetip gelýän Oraza baýramy hem-de Halkara Nowruz güni bilen gyzgyn gutlady.
«Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasydyr. Biziň özara hyzmatdaşlygymyz dostluk we hakyky hyzmatdaşlyk ruhunda ösýär» diýip, diplomat belledi.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we ynsanperwer geçelgesiniň netijeliligine hem aýratyn üns çekdi.
Ali Mojtaba Ruzbehani sözüniň ahyrynda goldaw-hemaýatlary üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hemişelik Bitaraplyk syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitde Eýranyň iň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýandygyny belledi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti