Türkmenistan we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygynyň täze Strategiýasyny taýýarlaýarlar

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 20-nji martda hökümetiň mejlisinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistan bilen bu bankyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze Strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna girýän edaralaryň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde ýakyn wagtda gepleşikleri geçirmek maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart-aprel aýynda Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary we halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň