Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew 20-nji martda hökümetiň mejlisinde aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu ulgama döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, internet ulgamynyň gerimini giňeltmek, halkara üstaşyr maglumat geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyny kämilleşdirmek we bu ugurdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti