Aşgabatda 24-nji martda tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan ITEC-2026 gününiň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.
Agşamyň dabaraly bölegini Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu açdy. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy öz gutlag sözünde 1964-nji ýylda esaslandyrylan ITEC maksatnamasynyň onlarça ýyllaryň dowamynda Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň bütindünýä ösüşine ýardam bermekdäki binýatlyk platformalarynyň biri bolup galýandygyny nygtady.
Ilçiniň belleýşine görä, Türkmenistandan 200-den gowrak talyp ICCR grantlaryndan peýdalandy, ýene-de 100-e golaý adam her ýyl tölegli esasda Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerini saýlap alýar.
Bandaru Wilsonbabu türkmen ýaşlaryny öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin Hindistandaky ýokary hilli we bäsleşige ukyply bilim mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmaga çagyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi