Türkmenistanyň bilim ministri Parižde geçirilen ýokary derejeli çärede çykyş etdi

Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Forumyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçysy ýokary derejeli ministrler dialogynda çykyş edip, irki çagalyk biliminiň Türkmenistanda adam maýasyny kemala getirmegiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň strategik esasy hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Ministr ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän başlangyçlar barada habar berdi. Şol sanda 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap bäş ýaşly çagalar üçin ýarym günlük toparlaryň açylmagyny göz öňünde tutýan mekdebe taýýarlyk boýunça synag maksatnamasynyň işe girizilýändigi bellenildi. Şeýle hem inklýuziw bilimi ösdürmegiň, çagalaryň ösüş aýratynlyklaryny ir ýüze çykarmagyň we bilim edaralary, maşgala hem-de döwlet düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministri ÝUNESKO-nyň Baş direktory Halid al-Anani we bilim boýunça ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministri Ezozhon Karimowa bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda mekdebe çenli we umumy orta bilimi ösdürmek, pedagog hünärmenleri taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we döwrebap bilim usulyýetlerini ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň