Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 27-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, pudagyň kärhanalarynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz döwlet elektrik stansiýalarynyň işini döwrebap ýola goýmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti