Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 27-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi. “Haýyr-sahawat gaznasy döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti