Türkmenistanda saýlawlar geçirildi

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Hödürlenen dalaşgärleriň ilat arasynda uly hormata eýe bolan, zähmetsöýer adamlardygyny, şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan 578 saýlaw uçastogynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy.

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,14 göterimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 92,26 göterimi, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,47 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,06 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,20 göterimi ses berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň