Türkmenistan bilen BMG birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 31-nji martynda «Türkmenistan-BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli syny taýýarlamak üçin bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bagly meselelere garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň DÖM-lere ýetmekdäki häzirki ösüşi; statistiki maglumatlary ýygnamak we seljermek gurallary; döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we raýat jemgyýetiniň syny taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygyň amaly ugurlary maslahatlaşyldy. Taraplar ýaşlar syýasaty ulgamynda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar. Ýaşlaryň uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýändigi we olaryň işjeň gatnaşmagynyň durnukly ösüşiň möhüm şertidigi bellenildi.

Mejlisiň barşynda daşky gurşaw meselelerine, aýratyn-da, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça meselelere aýratyn üns berildi.

Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň arasynda 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň