Türkmenistanyň Prezidenti halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmegi tabşyrdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti ýazýar.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Esasy baýramçylyk dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň