Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu taslama ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Resminama laýyklykda, täze şäherçäniň gurluşygy 2026 — 2030-njy ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn görnüşde alnyp barlar. Bu şäherçäniň gurulmagy sebitiň durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmaga we täze ýaşaýyş şertlerini döretmäge uly goşant goşar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine täze şäherçäniň baş meýilnamasyny üç aý möhletde taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle hem gurluşyk işlerine degişli gözegçiligi amala aşyrmak üçin ministrligiň garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasy dörediler.


Yza

Şeýle hem okaň