Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýurduň Koreýadaky talyplarynyň okuw şertleri bilen tanyşdy

Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 7-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm syýasy wakalaryň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi. Çärede Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä göterilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” sammiti we hormatly Prezidentimiziň bu ýurda meýilleşdirilýän sapary baradaky maglumat talyplaryň dykgatyna ýetirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigi bellenildi.

Duşuşykda döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigi, olaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriň orunbasary talyplaryň okuwa ýetişigi we ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklandy hem-de olary gyzyklandyrýan meseleler boýunça özara sowal-jogap alyşdy.


Yza

Şeýle hem okaň