Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 10-njy aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek maksady bilen, bölek satuw söwdasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi bilen, elektron söwdanyň, eltip bermek hyzmatlarynyň gerimi giňelýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen, Lebap welaýatynda hususy ulgama degişli 12 önümçiligiň işe girizilmegi, olarda täze iş orunlarynyň 311-siniň döredilmegi meýilleşdirilýär. Wise-premýer bu ugurdaky işleri dowam etdirmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazarynyň gurluşygyny amala aşyrmagyň teklip edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda içerki bazaryň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazaryny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.