Gahryman Arkadagymyz Awstriýanyň Federal Prezidentini Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy

Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şu sapara syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenilip, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. «Ýaşyl» energetika, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy babatda Awstriýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlarda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimize innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösdürmäge ýardam berer.

Medeni dialog hem yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Awstriýa bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýdyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Aleksandr Wan der Bellen çakylyk üçin hoşallyk bildirdi we awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

 


Yza

Şeýle hem okaň