Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» atly halkara forum geçirilýär

Paýtagtymyzda 14-nji aprelde «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler barha rowaçlanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar.

Soňra foruma gatnaşyjylar giň gerimli halkara sergi bilen tanyşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzdan we daşary döwletlerden syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan 70-e golaý kompaniýa sergi diwarlyklary bilen gatnaşýar. Uly monitorda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi.

Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Russiýanyň awiakompaniýalary dünýäniň çar künjegine syýahat etmek üçin giň ugurly rahat uçuşlary hödürleýärler. Özbegistan, Belarus, Tailand, Pakistan we Uganda döwletleriniň wekilleri bolsa öz ýurtlarynyň täsinlikleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar. Malaýziýada bilim almak üçin mümkinçiliklere bagyşlanan pawilýon, hususan-da, ýaşlar üçin aýratyn özüne çekiji boldy.

Günüň ikinji ýarymynda «Turkmentravel — 2026» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.

Goňşy we alysdaky döwletlerden gelen wekiller çykyşlarynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça toplan tejribeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky pikirlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar Türkmenistanyň täsin tebigy we binagärlik gözellikleriniň özlerinde uly täsir galdyrandygyny nygtadylar.

 


Yza

Şeýle hem okaň