Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Halkara sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 14-nji aprelde geçirilen duşuşygyň barşynda Halkara sanly hyzmatdaşlyk guramasy we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli sanly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dima Al-Ýahýa guramanyň alyp barýan işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Şunda strategik maksatlaryň bir bölegi hökmünde Merkezi Aziýa bilen gurama agza döwletleriň arasynda sanly hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, serhetüsti maýa goýumlary ösdürmäge we özara çemeleşmeleri utgaşdyrmak boýunça ýokary derejeli ministrler derejesinde gepleşikleri geçirmäge ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Türkmen diplomaty soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, bu ugurda 2026-2028-nji ýyllar üçin täze Konsepsiýanyň we Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny belledi.