Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygynda täze taryhy tapgyra gadam basdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda 17-nji aprelde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerine badalga bermek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Şeýle hem Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan dabaranyň geçirilýän ýerine geldi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.

“Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler.

Soňra çykyş etmek üçin HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi. Myhman Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belledi.

Bu möhüm taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli wakadyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.


Yza

Şeýle hem okaň