“Galkynyşyň” 4-nji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary güýçlendirer

Aşgabatda «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň indiki – dördünji tapgyry boýunça işleriň başlanmagynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidigini belledi.

Türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany Hytaý bilen baglanyşdyran, Gündogar bilen Günbatary utgaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşidigi aýratyn bellenildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň («CNPC») bilelikdäki tagallalary bilen «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň başlanmagy gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli syýasy we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolar» diýip, spiker sözüniň üstüni ýetirdi.


Yza

Şeýle hem okaň