Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Farhodşoh Rahmonali bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şol sanda işewürlik forumlaryny we sergileri geçirmek, işewürleriň toparlarynyň wekiliýetlerini alyşmak, şeýle hem iki ýurduň çäklerinde söwda öýlerini döretmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar haryt dolanyşygyny artdyrmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.