Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Garagum
etrabynyň Bilim bölüminiň 23-nji orta mekdebinde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Garagum
etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň Azatlyk köçesiniň 4-nji jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
800557 4-02-36.