Balkan welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň
Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän, Balkan welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň
Balkanabat köpugurly sport toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli
boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi
hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny
haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän, Balkan welaýatynyň
Bedenterbiýe we sport
baradaky Baş
müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993222 28836;
+993222 28445;
+993222 60867.
Okamak