Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow 22-nji aprelde Azerbaýjan Respublikasynyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bilelikdäki taslamalary utgaşdyrmakda we öňe ilerletmekde möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek hem-de amaly gatnaşyklary giňeltmek meýlini tassykladylar.