Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Siziň baştutanlygyňyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uly dabara bilen geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ХVIII halkara ylmy maslahat, at çapyşyklary, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlar, şol sanda uzak aralyga atly ýörişler atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmek bilen, baý milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde ahalteke bedewlerimize dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen bu gün milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, türkmen ojaklarynyň ýaraşygy, tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan bedewlerimiz halkymyzyň uçar ganatyna, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna öwrüldi,» - diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň başlygy döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň